Klimat gutusynyň okuw kitaby
Klimat gutusynyň gurallar toplumynyň merkezi bölegi — bu klimatyň üýtgemegi, onuň ýaramaz täsiri baradaky ylmy, uglerod yzyny azaltmak we klimatyň üýtgemeginiň gutulgysyz netijelerine uýgunlaşmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öz içine alýan suratly okuw kitabydyr. Ol bu serişdeleri bilim maksatnamalaryna netijeli ornaşdyrmak hakynda mugallymlar üçin maslahatlary hem öz içine alýar.
Klimat gutusynyň okuw kitaby dört bölege bölünen:
Klimatyň esaslaryny, şol sanda klimatyň dürli görnüşlerini we zolaklaryny, million ýyldan biziň eýýamymyza çenli dürli wagt gerimlerinde klimatik üýtgemeleriň taryhyny we şol üýtgemeleri şertlendirýän sebäpleri görkezýär.
Klimatyň üýtgemeginiň tebigy dünýä we adamlaryň umumylyklaryna edýän täsirleriniň giň gerimine aralaşýar. Howa şertleriniň üýtgemeginiň, ekoulgamlardaky üýtgemeleriň we oba hojalygy, suw serişdeleri, kenarýaka we daglyk sebitleri, Arktika, şäherler we adam saglygy üçin meseleleriň üýtgeýän klimat bilen nähili özara baglanyşyklydygy ylmy taýdan seljerilýär. Galyberse-de, onda biziň täze wehimlere nädip uýgunlaşyp we bu üýtgeýän gurşawda durnukly ösmegi dowam edip
bilýändigimiz baradaky ýiti soraga seredilýär.
Gazyp alynýan ýangyjy gaýtadan dikeldilýän çeşmeler bilen deňeşdirip we olaryň degişli artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini seljerip, gündelik durmuşymyzdaky ähmiýetine ünsüni jemleýär. Bu bölek energiýa netijeliligini, ekologiýa taýdan arassa ulag pudagyny, durnukly gurluşygy we biziň uglerod yzyny azaltmak üçin şu günki günde basyp biljek amaly gadamlarymyzy öz içine alýar.
Galyberse-de, onda klimaty üýtgemegine garşy göreşmekde global hyzmatdaşlygyň ähmiýeti we ýaşlaryň hereketleriniň wajyplygy nygtalýar.
Klimatyň üýtgemeginiň temalaryny mekdep maksatnamasyna ornaşdyrmak boýunça mugallymlar üçin umumy maslahatlary hödürleýär. Dürli dersler we ýaş toparlary üçin uýgunlaşdyrylan mysallary öz içine alýar.