home_banner1
Climate Box

and Education

Climate Box website is an interactive learning platform for young minds and their teachers who want to know more about climate change and its impacts

Klimat gutusynda hoş gördük!

Indiden beýläk, klimatyň üýtgemegi – haçan boljagy näbelli howp däl-de, şübhesiz, şu günki durmuşymyzyň bir bölegidir, we onuň ýaramaz täsiri bütin dünýäde has möwç alýar. Bu ýaramaz täsirleriň ýitileşmegine görä, ýaş nesil şu günki günde, şeýle hem geljekde çözgütleri kabul etjek adamlar hökmünde, çökgünligi aradan aýyrmaga işjeň gatnaşmalydyrlar.  Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmekde esasy zat – bilimdir.

Bu babatda hut Klimat gutusy örän netijelidir. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu interaktiw dinamiki bilim beriş maksatnamasy mekdep okuwçylaryna klimatyň üýtgemeginiň meselelerini öwrenmäge we olary çözmegiň ýollaryna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Klimat gutusynyň gurallar toplumy klimatyň üýtgemeginiň dürli temalary boýunça bilimleri barlamak we giňeltmek üçin niýetlenen hem-de islegiňe görä saýlap bolýan köpsanly soragly 100 sany sowal kartjagazyndan ybarat bolan “Klimatik sowal-jogap bäsleşigini” öz içine alýar. Soraglar temasy boýunça laýykatly guralan, bu bolsa Klimat gutusynyň okuw kitabynyň üç sany esasy bölüme laýyk gelýär.

Gurallar toplumy klimata ýetýän ýaramaz täsirler baradaky maglumatlary we öz uglerod yzyny azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin nämeleriň edilmelidigi baradaky maslahatlary beýan edýän ündewsuratlary öz içine alýar.

Hem okuwçylara, hem mugallymlara ýitelýän klimatik çökgünlige garşy çäreleri görmäge mümkinçilik bermek üçin işlenip düzülen interaktiw maglumat serişdeleriniň we jikme-jik gollanmalaryň ýygyndysyny öwreniň.

Klimat gutusynyň gurallar toplumy

Klimatyň üýtgemeginiň sebäplerini, ýaramaz täsirlerini we bu babatdaky çözgütleri öz içine alýan Klimat gutusynyň gurallar toplumynyň okuw kitabynyň kömegi bilen klimatyň üýtgemeginiň esasy temalaryny öwreniň. Gurallar toplumy klimatik täsirler boýunça dünýä kartasyny, klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine uýgunlaşmak we olary aradan aýyrmak boýunça ündewsuratlary, şeýle hem alan bilimleriňizi barlamak üçin interaktiw sowal-jogap bäsleşigini öz içine alýar.

Mugallymlar üçin

Klimatyň üýtgemegi babatyndaky bilimiňizi okuw maksatnamaňyza, şol sanda sapaklaryň meýilnamalaryna, taslamalaryň esasy pikirlerine we synpdan daşary çärelere girizmek boýunça jikme-jik maslahatlardan peýdalanyň. Bu bölüm Mugallymlary okatmak boýunça gollanmany we klimatik meseleler babatyndaky bilim ugrunda mümkinçilikleri giňeltmek üçin goşmaça serişdeleri öz içine alýar.

Çagalar we ýaşlar üçin

Klimatik sowal-jogap bäsleşikleri: Siz klimatyň üýtgemegi barada köp zat bilýäris diýen pikirdemisiňiz? Klimatyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça interaktiw sowal-jogap bäsleşiklerimiziň kömegi bilen bilimleriňizi barlaň! Köp sanly esasy temalary öz içine alýan beýleki dinamiki we gyzyklanma dörediji maglumatlary – klimatyň üýtgemeginiň sebäplerinden we netijelerinden amaly çözgütlere çenli öwreniň.

Çäreler we wakalar

Klimatik bilimi ösdürmäge gönükdirilen seminarlar, tälim okuwlary, bäsleşikler we beýleki gyzykly çäreler barada habarly boluň. Täzelenmelere syn ediň we geljekki mümkinçilikler barada biliň. Çärelerimiziň esasy pursatlaryny görkezýän soňky suratlara we wideo ýazgylaryna tomaşa ediň.
Jikme-jik maglumat

Bilimleriňizi barlaň

Siz klimatyň üýtgemegi barada köp zat bilýäris diýen pikirdemisiňiz? Klimatyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça interaktiw sowal-jogap bäsleşigimiziň kömegi bilen bilimleriňizi barlaň! Bu dinamiki we gyzyklanma dörediji sowal-jogap bäsleşigi köpsanly temalary, klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerinden amaly çözgütlere çenli öz içine alýar.