Biz barada

Klimat gutusy diýmek näme?

Klimat gutusy — bu ýaşlara klimatyň üýtgemegi babatynda bilim bermek üçin döredilen interaktiw bilim beriş gurallarynyň toplumydyr. Klimatologiýa, bilim we çagalar edebiýaty ugrundaky hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan bu guty klimatyň üýtgemegi babatyndaky bilimi özüne çekiji, interaktiw we bütindünýä ähmiýetli edip, ulanyjylara degişli çäreleri görmäge we olary üýtgetmeleri girizmäge ruhlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Bir ýurtda başlanan zat indi bütindünýä başlangyjyna öwrüldi. Häzirki wagtda Klimat gutusy Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda we olaryň çäklerinden daşary ýurtlarda ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan wersiýalar bilen, 17 dilde çykaryldy. Täze girizilýän goşmaçalar (2023-2026), Günorta-Gündogar Aziýany hem öz çägine alyp, has soňky maglumatlary özünde jemleýär. 

2025-nji ýyla çenli

Klimat gutusynyň gurallar toplumy
17 dile,
şol sanda BMG-niň ähli resmi dillerine terjime edildi.

12 döwlet
taslama goşulyp, sebitleýin zerurlyklary kanagatlandyrmak we mazmunlara laýyk getirmek üçin Klimat gutusynyň gurallar toplumynyň ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan wersiýalaryny işläp taýýarladylar.

5 000-den
gowrak mekdep Klimat gutusynyň gurallar toplumyny çagalary we ýaşlary klimatyň üýtgemeginiň meselelerini öwrenmäge gyzyklandyrmak üçin ulanýarlar.

7 000-den gowrak
mugallym, klimatyň üýtgemeginiň temasynda sapak okatmak we bu babatda hereketlere ruhlandyrmak üçin, Klimat gutusynyň gurallar toplumyny ulanmak bilen okuw geçdiler.

50 000-den
gowrak mekdep okuwçysy klimatyň üýtgeýändigi barada Klimat gutusynyň gurallar toplumynyň kömegi bilen bildiler.

Klimat gutusy KIM ÜÇIN niýetlenen?

Çagalar we ýaşlar:

Klimatyň üýtgemegi barada hem-de nädip durnukly ýaşap bolýandygy barada has köp bilmek üçin, gyzykly çärelere, sowal-jogap bäsleşiklerine we pikir alyşmalara gatnaşyň. 

Mugallymlar we halypalar:

Klimatik bilimi synpda we synpdan daşary ornaşdyrmak üçin, Klimat barada soňky maglumatlara we amaly gollanmalara ygtyýar gazanyň. 

Ene-atalar we jemgyýetçilik toparlary:

Maşgalaňyza we öz jemgyýetçilik toparyňyza klimatyň üýtgemeginiň meselelerine düşünmäge we bu babatda hereket etmäge kömek etmek üçin, çärelere gatnaşyň.

Hökümetler:

Klimatyň üýtgemegi babatynda habarlylygy ýokarlandyrmak hem-de milli ýa-da ýerli derejede degişli hereketleri höweslendirmek üçin gurallar toplumyny ulanyň. 

Klimat gutusynyň NÄHILI artykmaçlyklary bar?

Toplumlaýyn we interaktiw häsiýeti:

Mekdepler üçin, gyzykly mazmuny, şekilleri we amaly sapaklary özünde jemleýän klimatik bilim gurallarynyň birinji toplumy. 

 

Bilermenler tarapyndan döredilen:  

Alym-klimatologlaryň, mugallymlaryň we çagalar edebiýatynyň awtorlarynyň dersara topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. 

 

Global we ýerli:  

Bütin dünýäden mysallary, şeýle hem her bir sebit üçin uýgunlaşdyrylan mazmuny öz içine alýar. 

Mugallymlar üçin oňaýly  Klimatyň üýtgemegi baradaky bilimi islendik bir okuw maksatnamasyna päsgelçiliksiz ornaşdyrmak üçin jikme-jik maslahatlary we okuwlary öz içine alýar. 

 

Giň köpçülige gönükdirilen:  

17 dilde elýeterli we klimat baradaky soňky ylmy maglumatlar bilen üsti ýetirilýär. 

Klimatyň üýtgemegi babatyndaky ýoluňyza gadam basyň

Klimat gutusy bilen global herekete goşulyň we klimatyň üýtgemeginiň meselelerine akyl ýetirýän geljekki liderler neslini kemala getirmäge kömek ediň.

Köpräk öwreniň:

  • Köpräk serişdeleri we gurallary şu ýerde, Klimat gutusynyň web-saýtynda öwreniň!
  • Täze zat öwrenmek üçin Klimat gutusynyň taslamasy barada wideo ýazgysyna tomaşa ediň.