Karta we ündewsuratlar

Wizual materiallar okadyş prosesiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, Klimat gutusynyň gurallar toplumy klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini aýratyn görkezýän köpsanly suratlandyryş maglumatlaryny, şeýle hem ýaramaz netijeleri aradan aýyrmagyň we olara uýgunlaşmagyň strategiýalaryny öz içine alýar.

Klimatyň üýtgemeginiň kartasy

Klimatyň üýtgemegi babatynda hereket etmek näme üçin wajyp, we biz muňa ähmiýet bermezlige çalyşsak näme bolar? Bu karta biziň bugarma gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp bilmedik ýagdaýymyzda, 21-nji asyryň ahyryna çenli daşky gurşaw üçin we ilat üçin weýran ediji netijeleri aýdyň görkezýär.

“Klimatyň üýtgemegine garşy nädip hereket etmeli?” ündewsuraty

Klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uýgunlaşma – durnukly we ýaşaýşa ukyply gelejegi kemaa getirmegiň açarydyr.  Bu ündewsurat durnuklylygy hem-de adamlaryň we daşky gurşawyň klimatik howplardan goralmagy üçin ýönekeý, netijeleri çäreleri hödürleýär.

Ündewsurat “CO2 ugrunda goran! CO2 ugrunda göreş! CO2 ugrunda hereket et!"

Uglerod yzymyzy azaltmak hakynda gürrüň edilende, her bir kiçiräk hereketiň ähmiýeti bardyr. Bu ündewsuratda siziň öz gündelik durmuşyňyza aňsatlyk bilen girizip bilýän amaly maslahatlaryny berýär, şeýlelik bilen hem siziň daşky gurşawa ýetýän ýaramaz täsiri azaltmaga we has durnukly geljege ýardam bermäge mümkinçilik berýär.